Parahatçylyk — asylly ýörelge
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde mukaddes Garaşsyzlygymyz, parahatçylyk söýüjilikli ýolumyz hakynda pikir ýöretmek, ony beýan etmek diýseň ýakymly. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan parahatçylyga uly ähmiýet berdi. Şeýlelikde, asudalyk arkaly durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýörelgesini hemra edinen eziz Diýarymyz gysga döwrüň içinde ykdysady, medeni ösüşleri gazandy. Bu döwürde türkmen halkynyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda hem ägirt uly ösüşler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala gelip, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň ýol açyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-baba dowam edip gelen adalatlylyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, abadanlyk, gurmak we döretmek ýörelgelerine eýerip, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, döredijilik dabaralanýar. Türkmen jemgyýetini uly ösüşlere alyp barýan köpugurly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň taryhyna her gün täze-täze ösüşler altyn harplar bilen ýazylýar. Eziz Diýarymyz halkara hukuk kadalaryna, özara ykdysady bähbitlerine we milli ýörelgelerimize esaslanyp, syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda halkara gatnaşyklaryň berkemegi we ösdürilmegi üçin dürli döwletler bilen ýola goýlan gatnaşyklary bar