"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Dört dersden olimpiadalar geçirildi

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça internet olimpiadalary geçirildi. Saýlama we jemleýji tapgyrlardan ybarat bolan olimpiadalara ýurdumyzyň dürli sebitlerinden zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy. Olaryň iň gowy netije görkezen 250-ä golaýy jemleýji tapgyra gatnaşdyryldy. Paýtagtymyzyň we beýleki welaýatlarymyzyň okuwçylarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşan bäsleşiginde ýeňijiler yglan edildi. Şeýlelikde, matematika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde paýtagtymyzdaky 135-nji orta mekdebiň okuwçylary Maksat Babageldiýew bilen Hamza Allaberdiýew hem-de Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Döwletgeldi Şakirjanow beýleki bäsdeşlerinden tapawutlanyp, birinji orna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň 5-si ikinji, 10-sy bolsa üçünji orunlara mynasyp görüldi.

Zehinli ýaşlaryň bäsleşiginde

Paýtagtymyzda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda türkmenistanly talyplar üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň içinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem bar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralan halkara olimpiadasyna 18 döwletiň wekilleri gatnaşdylar. Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylara dürli meseleleri çözmek üçin programmalary işläp düzmek bilen baglanyşykly 5 sany ýumuş hödürlenildi. Ikinji tapgyrda bolsa talyplara kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuş tabşyryldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly esse bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Astrahan oblastynyň Priwolžskaýa raýonynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň 8-nji we 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak bäsleşigiň jemi jemlendi. Mekdep okuwçylary bu bäsleşikde pikirlerini beýan etmek üçin beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini köp okap taýýarlanandyklaryny görmek bolýar. Çünki okuwçylar ýazan essesinde şahyryň şygyrlaryny has içgin öwrenip, döredijilikli çemeleşipdirler. Olar pähim-paýhasa ýugrulan setirlerden ylham alyp ýazan esselerinde giňişleýin beýan etmegi başarypdyrlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak boýunça bäsleşiginiň netijesi boýunça Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň 8-nji synp okuwçylarynyň arasynda Alina Satlykowa, 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda bolsa Sofiýa Plaşenkowa birinji orna mynasyp bolmagy başardylar. Esse ýazmak bäsleşiginde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomy gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy esse ýazmak boýunça gatnaşan mekdep okuwçylaryna ýadygärlik sowgatlaryny

Netijeli bäsleşik

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhly, dünýä ülňüsine laýyk gelýän ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamynda ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklige hem uly üns berilýär. Şunuň esasynda orta mekdep bilen ýokary okuw mekdebiniň arasynda dil öwrenmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabynda: «Perzent terbiýesine jogapkärli çemeleşmek her bir adamyň öňündäki ömre barabar wajyp borjy. Häzirki wagtda döwrüň ösüş, özgeriş tizligi mese-mälim artdy. Biz öz nesillerimizi diňe şu gün üçin däl, geljegiň zerurlyklaryny hem göz öňünde tutup taýýarlamaly. Bu ýollarda çeken zähmetimiziň, siňdiren yhlasymyzyň ertir bizi begendirýän datly miweler bolup dolanjakdygyna şübhe ýok» diýip belleýär. Şeýlelikde, ýaş nesillerimiziň diňe bir terbiýeli bolmagy bilen çäklenmän, eýsem, olaryň ylymly-bilimli bolmaklaryny, hem köp dil öwrenmeklerini gazanmaly. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 10 — 11-ne ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen iňlis dili dersi boýunça III halkara olimpiadasy has netijeli boldy.

Bilim bilen belent basgançaklara

Ýene bir okuw ýylynyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Oba hojalygynda «jüýje güýz sanaşylýan» bolsa, bilim ulgamy babatynda «jüýje sanaşylýan» möwsüm bahar bilen tomsuň sepgidine gabat gelýär. Şol günler ýakynlaşdygyça öňdebaryjy bilim ojaklarynda ýetilen sepgitler belentligi, alnyp barylýan işler netijeliligi bilen has göwnüňi dokundyrýar. Häzirki wagtda 1154 okuwça bilim berýän Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdep hem şeýle bilim edaralarynyň biri. Bu mekdebiň binagärlik gurluşyndaky döwrebaplyk onda alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik işlerine hem siňipdir. Täsin ýagdaý: mekdebiň şunça okuwçysynyň arasynda bilim bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we medeni-köpçülikleýin çäreleriň haýsy hem bolsa bir görnüşine gatnaşmaýany ýok diýerliklidir.

Oňyn tejribe — beýik ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri talyp ýaşlaryň eziz Watanymyza söýgüsiniň, Garaşsyzlygymyza guwanjynyň, şonuň bilen birlikde, döwletimiziň ýokary bilimli harby gullukçylaryny taýýarlamak baradaky aladalarynyň dabaralanýan zamanasydyr. Golaýda hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary bilen dostluk we özara tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi. Bu çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, ylmy-amaly maslahat, institutyň ylymda we bilimde gazananlarynyň sergisi, Türkmenistanyň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda görkezme-okuw sapaklary, tejribehanalarda we gurluşyk merkezlerinde okuw sapaklarynyň geçirilişi, innowasion okuw otaglarynda guralýan sanly bilim okuwlary, harby talyplar üçin döredilen ýaşaýyş-durmuş şertleri we beýlekiler barada gyzykly maglumatlar berildi. Bu duşuşygyň täsirli we ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Özara tejribe alyşmak duşuşygyna gatnaşan harby gullukçylaryň ýüzlerinden ata Watana belent söýgi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz buýsanç duýgularyny görmek bolýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda döredilen

Zehin bilen zähmet birleşende

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geljekki Watan goragçylarynyň okamaklary, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan durnukly bolup ýetişmekleri, öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris» diýip belleýär. Hut şonuň üçinem milli bilim ulgamynyň ösdürilmeginiň maksady hem hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Şonuň bilen baglylykda, biziň harby mekdebimizde «Kitap okan — dünýäni gezer» diýen pähimden ugur alyp, türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň, rota serkerdeleriniň ýolbaşçylygynda kitap okamak bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri, çekilen zähmetiň öz miwesini bolluk bilen eçilýändigidir. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde türkmen dili dersi boýunça harby okuwçylarymyz baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň türkmen dili boýunça şäher tapgyrynda 11-nji synp harby okuwçy

Harby talyplarymyza buýsanýarys

Eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler, öňegidişlikler gazanylýar. Ýürekleri bagtly geljege bolan ynamdan pürepür ýaşlarymyz diňe bir ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikdir olimpiadalarda däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda hem öz zehinlerini ykrar etdirmegi başarýarlar. Zehinli ýaşlarymyzyň ençemesini öňe çykaran şeýle bäsleşikleriň biri hem ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda geçirildi. Eýýäm üçünji gezek geçirilýän halkara olimpiadasyna beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Ylma höwesli ýaşlaryň ençemesini bir ýere jemlän halkara olimpiadasynda 3-nji ýyl harby talyplarymyz Ýolaman Meretbaýewiň we Süleýman Merdanowyň baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmaklary, şahsy düzümi aýratyn buýsandyrdy. Olary bu halkara olimpiadasyna taýýarlamakda institutymyzyň mugallymy Akmyrat Durdyýewiň tagallasy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, Akmyrat mugallymyň taýýarlan harby talyplary Oguzhan Hojaberdiýew bilen Gündogdy Aýmämmedow dagy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça geçirilen IV Açyk halkara olimpiadasynda 3-nji orna mynasyp bolupdylar. Biz zehinli, ukyply, başarjaň harby talyplarymyza buýsanýarys.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Täze ösüşlere badalga Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň başlangyç synp hem taryh mugallymy Çemen Gurbanowanyň ady diňe bir mekdepde däl, eýsem, Mary şäherinde tejribeli mugallymlaryň hatarynda hormat bilen tutulýar. Çemen mugallym 2020-nji ýylda Mary şäherindäki H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, indi üç ýylyň dowamynda 4-nji “E” synp okuwçylaryna täzeçe işlemegiň işjeň usulynda bilim we terbiýe berip gelýär. Ol halypasy Orazgül Mommadowanyň göreldesine eýerip işleýär. Çemen sanlyja ýylda arzyly kärinde baý iş tejribe toplady. Halypa mugallymlaryň iş tejribesinden özüne sapak edinip, okuwçylarynyň sanly bilim ulgamynyň ösen tehnologiýalary bolan interaktiw tagtalarydyr komputerlerden ugur alyp, olaryň döwür bilen aýakdaş gitmeklerini, dünýägaraýyşlarynyň giň bolup, durnukly bilim almaklary barada baý iş tejribesinden peýdalanýar. Tejribeli mugallym şäher, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde ýylyň-ýylynda ýeňiji bolup gelýär.

Okuw sapagy täsirli geçdi

23-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwolžskaýa etrabynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň okuwçylary bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Hydyrow hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Aýbölek Goçyýewa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly tema boýunça sapak geçdiler. Mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly dürli soraglar berip sapagyň täsirliligini artdyrdylar. Şeýle hem sapakda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň okalmagy has-da täsirli boldy.

Ylym-bilimde beýik görelde

Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň, nusgalyk ýollaryň biri hem ylym-bilim öwrenmekdir. Bu asylly ýörelgäni mynasyp dowam etmekde, döwrebap ösdürmekde bilim işgärleriniň mynasyp orny bardyr. Milli ýörelgelerimize esaslanýan terbiýe mekdebinde nusgawy edebiýata, halk döredijiligine ýüzlenýäris. Esasan hem, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndan ugur alýarys. Bu ajaýyp kitaplardan ugur almak, pähimli sözlerinden peýdalanmak ýokary derejede netijesini berýär. Çünki bu ajaýyp eserlerde ýaş nesilleriň terbiýesine oňat täsir edýän baý maglumatlara duş gelmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş eden ajaýyp eserlerini okanymyzda, ata Watanymyza çäksiz söýgi, şöhratly geçmişimize buýsanç, umytly geljegimize bolan ynam kalbymyza dolýar. Ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary watansöýüjilige, millilige, ruhubelentlige ýugrulyp, bagtyýar nesillerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, nusgalyk mekdebe öwrüldi. Bu eserler durmuş ýolunda çyrag bolup, paýhas dürdäneleri bilen giň gözýetime eýe edýär, elmydama rowaçlyga besleýär. Hut şonuň üçin hem pähimdar pederleriň geçen şöhratly ýoluna buýsanç, beýik döwrümize guwanç, röwşen geljege ynam has-da pugtalanýar. Bu g

Kämilligiň berk binýady

Ýaş nesliň bilim-ylym derejesiniň we hünär taýýarlygynyň ýokarlanmagy eziz Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmagynyň esasy şertleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýokary netijeler gazanylýar. Ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan ýurdumyzda bilim bermegiň döwrebap serişdeleri ornaşdyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Döwre mynasyp nesil bolmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli we ol her bir ýaş nesliň öňünde goýýan maksatlarynyň biri bolmaly. Şu maksatdan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşlerine goşant goşýarlar» diýip belleýär. Dogrudan-da, täze taryhy eýýamyň ýaşlary döwrüň talaplaryny we durmuşyň zerurlyklaryny nazara alyp, innowasion tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýärler, dünýä dillerini çuňňur öwrenýärler.

Mugallymyň iş tejribesinden

Okuwçylara bedewler hakynda düşündirmek Okadýan dördünji synpymda ene dili dersinden «Bedew — türkmeniň uçar ganaty» diýen temadan görelde sapagyny guradym. Munda multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalandym. Okuwçylara ilki atlar barada düşünje berdim. Okuwçylara gürrüň berýän wagtymda multimedia tagtasynda taýýarlan slaýd şekillerimi görkezdim. Wideorolikler bilen sapagyň täsirliligini has hem artdyrdym. Soňra bedew atlar barada Gahryman

Sanly bilimiň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgam ösdürilýär. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu durnukly ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, ösüşiň çäksiz mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen, aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge hem-de torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge giň şertleri döredýän tehnologiýalara sanly ulgam diýilýär. Ähli pudaklara we ulgamlara sanly ulgam ornaşdyrylýar. Ak mekdebiň gapysyndan ätlän çagalaryň kompýuterler bilen üpjün edilmegi olaryň döwrebap tehnologiýalar bilen içgin tanyşmagyna hem-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Sanly ulgam giňişligi bilim bermegiň, maglumatlaryň mazmunynyň hem-de okatmagyň, üznüksiz hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň netijeleriniň ýokary bolmagy üçin döredilýän we ulanylýan lokal hem-de global kompýuter torlarynyň kommunikasion mümkinçilikleriniň jemidir.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklarymyza belent sarpa bar. Bu milli ýörelgeler esasynda geljegimiz bolan ýaş nesillere terbiýe berilýär. Esasan hem, sapaklarda, wagyz-nesihat çärelerinde ýaşlara milli gymmatlyklarymyz düşündirilýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde nusgawy edebiýatymyz, Magtymguly Pyragynyň eserleri aýratyn orna eýe bolup durýar. Terbiýeçilik mazmundaky sözler, kyssalar, rowaýatdyr hekaýatlar, ertekiler türkmen halk döredijiliginde, nusgawy şahyrlarymyzyň döreden eserlerinde öz beýanyny tapýar. Milli mirasymyza daýanyp, gadymdan gelýän däp-dessurlardan ugur alyp, ýaş nesillerimiz bilen köp sanly terbiýeçilik işlerini yzygider guramak örän oňat netije berýär. Şeýlelikde, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelýändigini görýäris. Pähimdar pederlerimiz hemişe özüniň halallyk, geçirimlilik, birek-birege ynam we hormat ýaly ajaýyp endikleri, paýhasy bilen tanalypdyr. Bu häsiýetler nesilden-nesle geçip, türkmeniň milliliginde saklanypdyr. Bu ýörelgeleri gorap saklamak, nesillere öwretmek şu günki günde biziň wezipämiz bolup durýar. Şu nukdaýnazardan nesil terbiýesi biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şunda mugallymlar hem, ene-atalar hem ýaşlara öwüt-nesihat berip, görüm-görelde bilen olarda ýagşy häsiýetleri kemala getirmelidir.

Ene dilim — asal dilim

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň çuňňur bilimli, arassa ahlakly, berk bedenli, watansöýer, başarjaň şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde bilim ulgamyna häzirkizaman innowasion tehnologiýalary, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, orta mekdeplerde kompýuter tilsimatlaryndan giňden peýdalanmaga giň ýollar açylýar. Bu bolsa ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik berýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermek arakesmäni bilmeýän, maksatlaýyn ýagdaýda üznüksiz dowam edýän işdir. Ol ilki bilen çagalar baglarynda başlanyp, mekdepleriň başlangyç synplarynda dowam etdirilýär. Sebäbi çagalar baglarynda we başlangyç synplarda okuwçylara ýokary synplarda öwrediljek bilimleriň berk binýady tutulýar. Hut şu döwürde çagalary türkmen diline höweslendirmek meselesi ileri tutulmalydyr.

II matematika we fizika internet olimpiadasy

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy hem-de 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda II matematika we fizika internet olimpiadasy geçirildi. Oňa 350-ä golaý okuwçy gatnaşdy. Bu bäsleşik «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy. Olimpiada matematika we fizika dersleri boýunça şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynyň (tohu.edu.tm) üsti bilen, bilim portalynyň binýadynda, onlaýn görnüşde guraldy. Olimpiada gatnaşyjylar Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, Daşoguz welaýatynda Türkmen oba hojalyk institutyna, Balkan welaýatynda welaýat Baş bilim müdirligine gelip, bäsleşige goşuldylar.

Halkara olimpiadasy tamamlandy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17 — 19-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) hem-de olimpiadanyň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi. II Açyk halkara informatika olimpiadasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, ylym-bilim ulgamyndaky milli tejribäni yzygiderli kämilleşdirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olaryň arasynda wajyp ylmy garaýyşlar we meseleler boýunça pikir alyşmalary, çekeleşikleri guramak maksady bilen geçirildi.

Ýangyç-energetika pudagynyň hukuk binýady kämilleşdirilýär

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy ugurlaryň biri ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmakdan we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynda eksport etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS—2024) geçirildi. Halkara olimpiadada dünýäniň 18 döwletiniň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinde hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça bilim alýan talyplar özara bäsleşdiler. 19-njy aprelde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde halkara ders olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijiler medallar we diplomlar bilen sylaglanyldy. Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Oňa gatnaşyjylar bu möhüm akyl-paýhas bäsleşiginiň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp, onuň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Biz hem ýeňiji bolan ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.