Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

22 Aprel 2024
446

Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS—2024) geçirildi. Halkara olimpiadada dünýäniň 18 döwletiniň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinde hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça bilim alýan talyplar özara bäsleşdiler. 19-njy aprelde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde halkara ders olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijiler medallar we diplomlar bilen sylaglanyldy. Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Oňa gatnaşyjylar bu möhüm akyl-paýhas bäsleşiginiň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp, onuň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Biz hem ýeňiji bolan ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan Leýli GURBANOWA,
«Nesil».