«Kutadgu bilik» (Bagt getiriji bilim)

13 Sentýabr 2024
524

Ýusup BALASAGUNLY

Ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişine nazar aýlap, taryhymyzda ylma-bilime sarpa goýan ylymdar hem dana aslymyzyň bolandygyna göz ýetirýärsiň, eždatlarymyzyň ýeten beýik derejelerine buýsanýarsyň. Diňe öz döwründe däl, şu günlere çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän beýik namalaryň, şahyrana eserleriň döredilmegi, her biriniň aýratynlykda gymmatynyň bilinmegi bilimli bolmagy baş maksat edinýän nesiller tarapyndan tapylgysyz ruhy baýlyk hökmünde ykrar edilýär. Şeýle eserleriň biri hem XI asyr türkmen edebiýatyna we diline degişli «Kutadgu bilik» (Bagt getiriji bilim) eseridir. Bu eser Garahanlylar türkmen döwletiniň hany Bugra hanyň tabşyrygy boýunça Ýusup Balasagunly tarapyndan ýazylýar. Eserde adyndan hem mälim bolşy ýaly, bilimiň, ylmyň gadyr-gymmaty, ähmiýeti dogrusynda danadan-dana söhbet edilýär.

Taýýarlan Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.