«Ilkinji ädim»

12 Sentýabr 2024
452

Salam, körpeler, «Ilkinji ädim» diýilse, durjan-durjandan soňky ilkinji ädilýän ädimlerdir öýdäýmäň. Siz «Ilkinji ädim» atly bu çaklaňja kitapçanyň gatlaryny açan badyňyza onuň şeýle däldigine göz ýetirersiňiz. Siz bu kitapçada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň özüňiz hakyndaky aladalaryny duýarsyňyz.

Ýadyňyza düşýändir-le, ata-eneňiziň eliňizden tutup, ýörjen-ýörjen öwretjek bolşy. Muny jigileriňiziň mysalynda hem görüp bilýänsiňiz. Ilkinji ädim ätmegi öwrenen çagajyklar soňra elinden hiç kimiň tutmagyna garaşman, özbaşdak ýöremegi başarýarlar ahyryn. Biziň hem maksadymyz siziň başarnygyňyzy artdyrmakdyr, çagalar!

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.