Kaýum TAŇRYGULYÝEW
Maýsa tagtanyň üstünde hamyry kagyz ýaly ýukajyk ýaýsa-da, onuň hiç ýeri deşilmeýärdi. Şeýdip, ullakan tegelek ýasap, ýüzüne ýag çaldy. Soňra ony ejesiniň nan taýýarlaýşy ýaly epleşdirip, eliniň aýasy bilen basyşdyryp ýasylady. Soňra ýene oklaw bilen ýaýdy-da, tegelek nana meňzetdi. Ejesem gapdalynda oturyp, gyzyna gatlakly nan taýýarlamagy öwredýärdi. Ýöne ejesi nany Maýsadan çalt taýýarlaýardy.