Harby talyplarymyza buýsanýarys

24 Aprel 2024
450

Eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler, öňegidişlikler gazanylýar. Ýürekleri bagtly geljege bolan ynamdan pürepür ýaşlarymyz diňe bir ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikdir olimpiadalarda däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda hem öz zehinlerini ykrar etdirmegi başarýarlar.

Zehinli ýaşlarymyzyň ençemesini öňe çykaran şeýle bäsleşikleriň biri hem ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda geçirildi. Eýýäm üçünji gezek geçirilýän halkara olimpiadasyna beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Ylma höwesli ýaşlaryň ençemesini bir ýere jemlän halkara olimpiadasynda 3-nji ýyl harby talyplarymyz Ýolaman Meretbaýewiň we Süleýman Merdanowyň baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmaklary, şahsy düzümi aýratyn buýsandyrdy. Olary bu halkara olimpiadasyna taýýarlamakda institutymyzyň mugallymy Akmyrat Durdyýewiň tagallasy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, Akmyrat mugallymyň taýýarlan harby talyplary Oguzhan Hojaberdiýew bilen Gündogdy Aýmämmedow dagy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça geçirilen IV Açyk halkara olimpiadasynda 3-nji orna mynasyp bolupdylar. Biz zehinli, ukyply, başarjaň harby talyplarymyza buýsanýarys.

Döwlet Döwletow,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy, podpolkownik.