Zehin bilen zähmet birleşende

24 Aprel 2024
478

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geljekki Watan goragçylarynyň okamaklary, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan durnukly bolup ýetişmekleri, öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris» diýip belleýär. Hut şonuň üçinem milli bilim ulgamynyň ösdürilmeginiň maksady hem hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Şonuň bilen baglylykda, biziň harby mekdebimizde «Kitap okan — dünýäni gezer» diýen pähimden ugur alyp, türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň, rota serkerdeleriniň ýolbaşçylygynda kitap okamak bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Esasy bellemeli zatlaryň biri, çekilen zähmetiň öz miwesini bolluk bilen eçilýändigidir. Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde türkmen dili dersi boýunça harby okuwçylarymyz baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň türkmen dili boýunça şäher tapgyrynda 11-nji synp harby okuwçymyz Berdimuhammet Kazakbaýew 1-nji, Geldimyrat Ödekeýew 2-nji, bäsleşigiň welaýat tapgyrynda bolsa, Berdimuhammet Kazakbaýew 2-nji orna mynasyp bolup, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu zatlaryň ählisi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby okuwçylar hakynda edýän aladasynyň aýdyň netijesidir.

Hurma KAKABAÝEWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy.