II matematika we fizika internet olimpiadasy

23 Aprel 2024
463

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy hem-de 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda II matematika we fizika internet olimpiadasy geçirildi. Oňa 350-ä golaý okuwçy gatnaşdy. Bu bäsleşik «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

Olimpiada matematika we fizika dersleri boýunça şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynyň (tohu.edu.tm) üsti bilen, bilim portalynyň binýadynda, onlaýn görnüşde guraldy. Olimpiada gatnaşyjylar Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, Daşoguz welaýatynda Türkmen oba hojalyk institutyna, Balkan welaýatynda welaýat Baş bilim müdirligine gelip, bäsleşige goşuldylar.

Orazmyrat INEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.