Kämilligiň berk binýady

23 Aprel 2024
739

Ýaş nesliň bilim-ylym derejesiniň we hünär taýýarlygynyň ýokarlanmagy eziz Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmagynyň esasy şertleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýokary netijeler gazanylýar.

Ähli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan ýurdumyzda bilim bermegiň döwrebap serişdeleri ornaşdyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Döwre mynasyp nesil bolmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli we ol her bir ýaş nesliň öňünde goýýan maksatlarynyň biri bolmaly. Şu maksatdan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşlerine goşant goşýarlar» diýip belleýär. Dogrudan-da, täze taryhy eýýamyň ýaşlary döwrüň talaplaryny we durmuşyň zerurlyklaryny nazara alyp, innowasion tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýärler, dünýä dillerini çuňňur öwrenýärler.

Musa ÝAZYMOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.