"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Söz ussadynyň toýuna sözden heýkel

«Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guly» Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sowgatlaryň — ylmy, çeper, publisistik eserleriň, kitaplaryň sany ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygrynda öňe sürýän garaýyşlary söze sarpa goýýan her bir adama ylham bagyşlaýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas mekdebinden ruhlanan dost-dogan halklaryň wekilleri hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli neşirleri taýýarlap, bu şanly senä sowgat edýärler. Ýubileý sene mynasybetli maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen iri forumlara, şol sanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşan myhmanlar bu neşirleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna gowşurdylar.

Tymsallar

Ýalňyz adam Bir kişi dana gojanyň ýanyna gelip, özüniň düşen halyny beýan edipdir:

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly mekdebiniň miweleri XVIII asyr nusgawy edebiýatymyz türkmen edebiýatynyň altyn asyry hasaplanylýar, bu asyr milli döwletiň we döwletliligiň ruhy binýadyny goýan ýüzýyllyk bolup, türkmen taryhynda uly orun eýeleýär. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri şol ruhy binýadyň başyny başlapdyr. Azady bu kitabynda milli döwlet we ony edara etmegiň düzgünleri, adyl şa, zähmetkeş halkyň hak-hukugyny gorap, garyp-gasarlara kömek etmek, ylmy goldamak ýaly umumadamzat bähbitli teklipleri orta atypdyr.

«Myradym nesihat etmekdir halka»

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar. Şahyr özünden öň ýaşap geçen Gündogaryň söz ussatlarynyň döredijilik däplerini dowam etdirip, edebiýaty durmuş bilen, halk ykbaly bilen baglanyşdyran danadyr. Parasatly şahyr öz eserlerini türkmen halkynyň filosofiki garaýyşlary, milli däp-dessurlary, duýgy-düşünjeleri bilen baýlaşdyrypdyr. Magtymguly şygyrlarynda döwlet gurmagyň şertlerini milli aýratynlyklary göz öňünde tutup aýdyňlaşdyrýar. Onuň ilkinji şerti bolan ýurt hem millet bitewüliginiň täze jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydygy baradaky pikiri öňe sürýär. Döwlet üçin ähli şertleriň bar ýerinde bu işi amala aşyrmagy şahsyýetiň paýyna goýýar.

Ady dünýä dolan akyldar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkyň hakydasynda baky galjak wakalara beslenýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň medeni durmuşy bilen baglanyşyklydyr.  Doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň deňi-taýy bolmadyk äpet ýadygärliginiň hem-de onuň adyny göterýän taryhy-medeni seýilgähiň açylmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, türkmen, iňlis, rus dillerinde «Magtymguly» atly ýubileý sowgatlyk neşiriniň çapdan çykmagy, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi şanly hem buýsançly wakalara beslendi.

Watançylygyň ebedi kökleri

Türkmenler asyrlaryň dowamynda watançylyk duýgusyny kämilleşdirip gelen halkdyr. Oguz türkmenleriniň gadymyýetiň jümmüşinde guran döwletleri-de berkararlygyň, özbaşdaklygyň ilkinji sütünleri bolmak bilen, halkymyzyň hut özüne mahsus kämil watansöýüjiliginiň ykraryýetidir. «Ser bererin, ýer bermerin!» diýen nesilbaşymyz Oguz han beýik watançy bolmak bilen, ýurt goragynda hemişe berk durupdyr. Şundan gözbaş alyp gaýdan watançylyk duýgusy soňky sekiz asyryň içinde öňküden-de çuňlaşyp, kalplarda müdimi orun alypdyr, «ýurt, ojak» diýen mukaddes düşünjeleriň esasynda has-da beýgelipdir. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragy hem berkarar döwlet gurmagyň arzuw-isleginde ýaşamak bilen, özüniň dürdäne döredijiliginde watansöýüjiligi, ilkinji nobatda, öňe sürüpdir. Ol şeýle möhüm garaýyşlary beýan edende merdana pederlerimiziň watansöýüjiliginden ruhlanypdyr hem-de olary nusgalyk mekdep hökmünde hertaraplaýyn çuňňur şöhlelendiripdir:

Sen yşkyň özüdiň

«Adamyň göwni garramaýar» diýleni dogry. Saňa sataşan günümi ömrümiň iň bagtly güni hasaplaýaryn. Sebäbi seniň barlygyňda meniň üçin dünýä biçak owadandy. Ynansaň, sowugy, yssyny bilmezdim, näme iş etsem, yhlas, höwes bilen ederdim. Özümem şeýlebir şadyýandym, dilewardym. Şol günler göwnühoş bolup daşaryk çykanymda käwagt asmana serederdim. Şonda asmanyň ýüzüni bulut tutup duran bolsa-da, maňa ap-aýdyň bolup görünýärdi. Göwnüme bolmasa, kalbymyň joşundan ýaňa bu dünýä meniňkidi. Ony köňül köşgümde ýerleşdirýärdim. Söýginiň mülkünde olam has-da görklenýärdi. Hawa, seni görmek beýle-de dursun, adyňy eşitsem-de, ýüregim gürsüldäberýärdi. Ýüregim diňe sen tarapa atygsaýardy. Çünki meniň dünýämde sen bardyň. Seniň barlygyňda bolsa men örän bagtlydym. Ruhy dünýämem asudady. Ähli zatlar meniň üçin täsindi. Özümi diňe seniň ýanyňda ýaly duýýardym. Birdenem, sen meniň durmuşymdan, gözümden durna deý gaýyp bolduň-da gidiberdiň.

Müň syrly mekdep

Iňňän aňyrda-da bar bolsa älem,Bar bolsa müňde bir syry pelegiň,Pyragynyň diwanyny gulaçlap,Akyl çanagyňa salyp, elegin! Uşakgöz elekden geçen yşkyňy,Seljäre tapylsa bir zerre ynam.Özüňden özgäge açyp bolmajak,Paýhas derýasyny boýlanňa ynan.

Jul

«Göwher — kül içinde, bedew — jul içinde» diýen çuň mazmunly nakyly döreden eždatlarymyz seýisçilik sungatyndan, atşynaslyk ylmyndan çuňňur habarly bolupdyrlar. «Jul» sözüne «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «atyň üstüne ýapylýan ýapynja, basryk» diýip düşündiriş berilýär. Söz mülküniň soltany Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de bu aňlatma duşýarys:

Ilkinji söýginiň ýelgini

Nädip düşündirjek bu gün ir säher Ejeňden bir sagat owal turanňy?!

Kim akylly, kim akmak?!

Bir akyldardan: — Kimi akylly saýyp bolar — diýip sorapdyrlar.

Hekaýat

Ýagşylyk Bir gün bir garyp oglanjyk öz okuwy üçin gerek bolan ýol tölegini gazanmak üçin, gapy-gapy aýlanyp, haryt satyp barýarka, özüniň örän ajykýandygyny duýup, bary-ýogy 10 sentiniň galandygyna garamazdan, indiki gapa baranda öý eýesinden iýmäge bir zatlar soramak kararyna gelýär. Ýöne ol oglanjyk gapyny ýaş, owadan bir zenan açanynda aljyrap iýmitiň ýerine suw sorapdyr. Ýaş zenan oglanjygyň açdygyny bilip, oňa bir uly bulgury dolduryp süýt getirip beripdir. Oglanjyk süýdi haýaljakdan içipdir-de:

Bolan waka

Ýene-de çary ýylançy hakda Men mundan ýigrimi ýyl ozal hem Çary ýylançy hakda giňişleýin makala bilen “Maru — şahu jahan” gazetinde çykyş edipdim. Men täzelikde eşiden gürrüňimi hem okyjylara hödürlemegi makul bildim.

Magtymgulynyň muşdaklaryna sowgat

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebiýaty öwreniş ylmynda täze hem täsin pikirleri ýüze çykarmakda-da uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigine filologiýa ylymlarynyň kandidaty Maral Atdaýewanyň şu ýyl «Ylym» neşirýatynda çapdan çykan «Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary» atly kitabyny okanyňda hem ýakyndan göz ýetirmek bolýar. Kitabyň Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň bir bendi hem-de akyldar şahyrymyz hakda aýdan: «Çünki dünýäni danalaryň görşi başgaça, danalyk bolsa ynsanyň öwredip bolmaýan, terbiýe bilen gazanylmaýan hususy baýlygy» diýen dürdäne sözleri bilen başlanmagy onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Awtoryň kitabyň girişinde jaýdar belleýşi ýaly, Magtymgulynyň dünýägaraýşy orta asyr Gündogar akyldarlarynyň asyrlaryň dowamynda işlenip düzülen filosofik garaýyşlarynyň esasynda kemala gelýär. Şoňa görä, bu filosofik akymlaryň akyldaryň pelsepewi dünýägaraýşyna ýetiren döredijilikli täsirini aýdyňlaşdyrmak işiň ilkinji wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýlelikde, kitabyň «Magtymgulynyň çeper pelsepewi dünýägaraýşynyň filosofik çeşmeleri» atly birinji babynda biz şahyryň ruhy halypalarynyň, dünýä filosofiýasynyň beýik akyldarlarynyň atlary bilen tanyşýarys. Bu babatda kitabyň girişinden hem awtoryň şeýle sözlerini mysal getirmek ýerlikli bolar: «Aslynda, bu mekdepler dünýä filosofiýasynda gi

Aždaryň hüşgärligi (Kyssa)

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarydy. Çarwa maşgalasy bolansoň, tomsuna dört-bäş öýli bolup, Orpa guýusynyň başynda oturardyk. Orpa bilen Garaýman obasynyň aralygy onçakly uzak däldi. Käteler Goýmatdan mamamy hem ýanymyza alyp gelerdik. Bir gün mamam maňa: «Garaýmana Bäbi dädeň gelipdir. Ertir düýeli git-de, alyp gel!» diýdi. Özüme şeýle ýumşuň buýrulanyna monça boldum. Bäbi däde şol wagtlar hem gartaşan gojady. Onuň uly ogly Nejepguly Garaýmanda goýun bakýardy. Ertesi öňkülerimden ir turdum.

Magtymguly Pyragy

Edebiýatyň taryhynda öçmejekÝakyp gitdiň, bir ajaýyp çyragy.Nesilleň serinden baky göçmejek,Adyň ýaşar, Magtymguly Pyragy! Eserleň ýugrulan akyl-paýhasa,Her sözüň göwünleň aram-karary.Teşne ýüreklere ylham paýlasa,Päk ruhuň seň, Magtymguly Pyragy!

Türkmen binasy

Owal-ahyr döwletlilik ýar bolan,Päk niýetden ýoly şuglazar bolan,Gursak doly namys bolan, ar bolan,Mähri otdan yssy türkmen danasyDünýe dursa, durar türkmen binasy. Şu güne ýetiren geçmiş ýaňyny, Ak bagta meňzetdim säher, daňymy,Nesilleriň paýhasyny, aňyny —Kämil edip, salan sarsmaz galasy,Dünýe dursa, durar türkmen binasy.

Bag — Watanyň zynaty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda birnäçe ýyl mundan ozal Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Watanymyzyň ähli ýerini ýaşyl baglyga öwürmek maksady bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda miweli, saýaly, pürli agaçlaryň millionlarça düýbüni oturtmak asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu däbi Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär. Netijede, bu günki gün tutuş ýurdumyzy ýaşyl baglyk gurşaýar. Berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabady bolsa indi diňe bir ak mermere beslenen şäher hökmünde däl, eýsem, ýaşyl baglyga, al-elwan güllere bürenip oturan «Baglar şäheri», «Güller şäheri» hökmünde hem tanaýarlar. Elbetde, gözel paýtagtymyzyň gür baglyga, dürli güllere bürenmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tutanýerli we yzygiderli tagallalarynyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Sanlyja ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň töweregini gurşan arça tokaýlyklary hem göreniň göwnüni göterýär. Dogrusy, mukaddes Garaşsyzlygymyzdan ozal paýtagtymyzyň günorta bölekleriniň, Köpetdagyň etekleriniň kä ýerlerinde gyrymsyja ösümlikler görünýän ýalazy meýdan bolandygyny häzirki ýaşlara ynandyraýmagam ýeňil bolmasa gerek. Indi bolsa bütin Kesearkaç baglyga bürenip otyr. Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň, Gökdepe, Bäherden etraplarynyň çäkl

Buýsanç

Buýsandyryp hemmäni,Boldy ýylyň şygary —Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy. Her jümlesi çuň many —Durmuşyň şamçyragy.Pähim-paýhas ummanyMagtymguly Pyragy.

Pyragyň şygyrlary

Ak säheriň keşbidir,Köňülleriň yşkydyr,Lezzetli, has başgadyr,Pyragyň şygyrlary. Günleň haýyr-sogaby,Joşly kalbyň jogaby,Ömürleriň dowamy,Pyragyň şygyrlary.