Söz ussadynyň toýuna sözden heýkel

11 Iýul 2024
211

«Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guly» Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sowgatlaryň — ylmy, çeper, publisistik eserleriň, kitaplaryň sany ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem barha artýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygrynda öňe sürýän garaýyşlary söze sarpa goýýan her bir adama ylham bagyşlaýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas mekdebinden ruhlanan dost-dogan halklaryň wekilleri hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli neşirleri taýýarlap, bu şanly senä sowgat edýärler. Ýubileý sene mynasybetli maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen iri forumlara, şol sanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşan myhmanlar bu neşirleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna gowşurdylar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».