«Myradym nesihat etmekdir halka»

10 Iýul 2024
265

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar. Şahyr özünden öň ýaşap geçen Gündogaryň söz ussatlarynyň döredijilik däplerini dowam etdirip, edebiýaty durmuş bilen, halk ykbaly bilen baglanyşdyran danadyr. Parasatly şahyr öz eserlerini türkmen halkynyň filosofiki garaýyşlary, milli däp-dessurlary, duýgy-düşünjeleri bilen baýlaşdyrypdyr.

Magtymguly şygyrlarynda döwlet gurmagyň şertlerini milli aýratynlyklary göz öňünde tutup aýdyňlaşdyrýar. Onuň ilkinji şerti bolan ýurt hem millet bitewüliginiň täze jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydygy baradaky pikiri öňe sürýär. Döwlet üçin ähli şertleriň bar ýerinde bu işi amala aşyrmagy şahsyýetiň paýyna goýýar.

Narmamat TÄJIBAÝEW,
Şabat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.