Watançylygyň ebedi kökleri

10 Iýul 2024
236

Türkmenler asyrlaryň dowamynda watançylyk duýgusyny kämilleşdirip gelen halkdyr. Oguz türkmenleriniň gadymyýetiň jümmüşinde guran döwletleri-de berkararlygyň, özbaşdaklygyň ilkinji sütünleri bolmak bilen, halkymyzyň hut özüne mahsus kämil watansöýüjiliginiň ykraryýetidir. «Ser bererin, ýer bermerin!» diýen nesilbaşymyz Oguz han beýik watançy bolmak bilen, ýurt goragynda hemişe berk durupdyr. Şundan gözbaş alyp gaýdan watançylyk duýgusy soňky sekiz asyryň içinde öňküden-de çuňlaşyp, kalplarda müdimi orun alypdyr, «ýurt, ojak» diýen mukaddes düşünjeleriň esasynda has-da beýgelipdir.

Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragy hem berkarar döwlet gurmagyň arzuw-isleginde ýaşamak bilen, özüniň dürdäne döredijiliginde watansöýüjiligi, ilkinji nobatda, öňe sürüpdir. Ol şeýle möhüm garaýyşlary beýan edende merdana pederlerimiziň watansöýüjiliginden ruhlanypdyr hem-de olary nusgalyk mekdep hökmünde hertaraplaýyn çuňňur şöhlelendiripdir:

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.