Bag — Watanyň zynaty

9 Iýul 2024
194

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda birnäçe ýyl mundan ozal Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Watanymyzyň ähli ýerini ýaşyl baglyga öwürmek maksady bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda miweli, saýaly, pürli agaçlaryň millionlarça düýbüni oturtmak asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu däbi Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär. Netijede, bu günki gün tutuş ýurdumyzy ýaşyl baglyk gurşaýar. Berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabady bolsa indi diňe bir ak mermere beslenen şäher hökmünde däl, eýsem, ýaşyl baglyga, al-elwan güllere bürenip oturan «Baglar şäheri», «Güller şäheri» hökmünde hem tanaýarlar. Elbetde, gözel paýtagtymyzyň gür baglyga, dürli güllere bürenmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tutanýerli we yzygiderli tagallalarynyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek.

Sanlyja ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň töweregini gurşan arça tokaýlyklary hem göreniň göwnüni göterýär. Dogrusy, mukaddes Garaşsyzlygymyzdan ozal paýtagtymyzyň günorta bölekleriniň, Köpetdagyň etekleriniň kä ýerlerinde gyrymsyja ösümlikler görünýän ýalazy meýdan bolandygyny häzirki ýaşlara ynandyraýmagam ýeňil bolmasa gerek. Indi bolsa bütin Kesearkaç baglyga bürenip otyr. Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň, Gökdepe, Bäherden etraplarynyň çäklerinden awtoulagda barýarkaň, ynsan eli bilen döredilip, belent baýyrlaryň ýokarsyna çenli uzap gidýän tokaýlyklary göreniňde göwnüň galkynýar.

Oguljan ROZYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.