Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

10 Iýul 2024
254

Magtymguly mekdebiniň miweleri

XVIII asyr nusgawy edebiýatymyz türkmen edebiýatynyň altyn asyry hasaplanylýar, bu asyr milli döwletiň we döwletliligiň ruhy binýadyny goýan ýüzýyllyk bolup, türkmen taryhynda uly orun eýeleýär. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseri şol ruhy binýadyň başyny başlapdyr. Azady bu kitabynda milli döwlet we ony edara etmegiň düzgünleri, adyl şa, zähmetkeş halkyň hak-hukugyny gorap, garyp-gasarlara kömek etmek, ylmy goldamak ýaly umumadamzat bähbitli teklipleri orta atypdyr.

Döwletmyrat SADYKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.