Sarpasy belent Pyragy

15 Iýul 2024
157

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyraga belent sarpa goýýar. Bu asylly ýörelgäni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda görýäris. Şunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň, şeýle-de şahyryň edebi mirasyny wagyz edýän forumlaryň, halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly ylmy işleriň, monografiýalaryň, neşir önümleriniň çap edilmegine, çeper we dokumental filmleriň surata düşürilmegine, şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjekleriniň baýramçylyk ruhunda bezelmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi biziň her birimizde buýsanç döredýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri umumadamzat üçin egsilmez ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Şahyryň goşgularynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli dünýägaraýşy, ýaşaýyş pelsepesi, nesil terbiýesi giňden beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragy özüniň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri bilen türkmen halkynyň, umuman, Gündogar halklarynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde öçmejek yz galdyran söz ussadydyr. Şahyryň eserleri türkmen kalbynyň aýnasydyr. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällilik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuňňur many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Aýna GARRYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.