Saz (Hekaýa)

16 Iýul 2024
169

Obamyzyň adamlary onuň çalýan sazyny gowy görerdi. Men bolsa onuň saz bilen bagly aýdýan gürrüňlerini diňlemegi halaýardym. Meni has-da heýjana salýan öz agasyny halas etmek üçin Şükür bagşynyň ýalňyz özüniň dutaryny alyp, ala daglardan aşandygy hakyndaky gürrüňleridi.

Ol wagtlar oglan başym saz diýlen zadyň ýöne bir toý-tomguda çalynýan güýmenjedir öýderdi. Ýöne men bagşynyň gürrüňlerini diňledigimçe çözmesi kyn bolan uly meseläni bir dutaryň çözüp gaýdandygyna soň-soňlar oturyp-oturyp haýran galardym. Sazanda bolsa oturanlaryň ýüzüne birlaý serederdi-de, geçmiş asyrlaryň jümmüşine siňip şeý diýerdi: «Onsoň ol dutaryny alyp, niredesiň agam diýip, ala garlardan aşyp gidiberipdir. Öňde bolsa oňa durmuş diýlip atlandyrylýan düýpsüz derýa garaşýar. Ykbalyň hanjak gopjagyny bolsa bir Alla bilýär».

Öwezmyrat ÝERBENDI,
ýazyjy.