Köňülleriň şahyrynyň sarpasy

12 Iýul 2024
252

Halkyň bagty çüwende ýyllaryň her biri üstünliklere, şanly wakalara beslenip gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Çünki bu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralanýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň berkararlygynyň we milletimiziň bagtyýarlygynyň kemala gelmegine uly goşant goşan söz ussadynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyzyň mertebesini arşa göteren milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty ýyl-ýyldan has-da artýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge we dabaralandyrmaga gönükdirilen beýik işleriniň netijesinde Magtymguly Pyragynyň at-owazasy dünýä ýaýylýar. Çünki akyldar şahyrymyzyň eserlerinde öňe süren pikirdir garaýyşlary, öwüt-ündewleri ähli halklar we döwürler üçin örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Magtymguly — taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr» diýip belleýär.

Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.