«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji syýasaty esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy uly üstünlige beslenýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip bellemek bilen, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredýär. Döwrebap okuw binalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Ýaşlaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin orta mekdeplerden başlap, olary hünäre ugrukdyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli zähmete we hünär saýlamaga taýýarlamak döwletiň esasy wezipesiniň biridir.