Kämil bilim ulgamy

7 Maý 2024
439

Häzirki bagtyýar döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky yzygiderli aladasy netijesinde bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Esasan-da, bilim bermekde sapaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýaly wajyp resminamalar bar. Bu möhüm maksatnamada bilim ulgamynyň hem yzygider ösüşi, sanly ulgamyň döwrebaplygy aýratyn orun tutýar. Bular öz gezeginde, sanly ykdysadyýet we sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bulardan ugur alnyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem okadylýan sapaklar boýunça talyp ýaşlara berilýän maglumatlar dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli esasda baýlaşdyrylýar.

Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Dürli pudaklarda zähmet çekjek, ösüşlere goşant goşjak kämil hünärmenleri kemala getirmek bilim ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim ulgamy häzirki döwürde aýratyn many-mazmuna eýedir.

Tawus ÇARYÝEWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.