"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ömrümiziň rahatlygy özümize bagly

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek derwaýys meselä öwrülýär. Sebäbi, köçe-ýollarda ulaglaryň sany artyp, olarda gatnaw ýylsaýyn ýokarlanýar. Ak ýollaryň maşgalalarymyzyň abadanlygydygy bolsa, äşgär hakykatdyr. Abadan durmuşymyzyň aladasy köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir raýatyň hüşgärliginden başlanýar. Şeýle wezipäniň ýerine ýetirilmeginde ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine uly orun degişli bolup, biz welaýatymyzyň köçe-ýollarynyň hadysasyz bolmagynda zerur tagallalary edýäris. Ulaglaryň bellenilenden ýokary tizlikde sürülmeginiň, ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagynyň öňüni almak ýol-ulag hadysalarynyň aradan aýrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem biz sürüjiler tarapyndan beýleki düzgün bozulmalara ýol berilmezligi ugrunda aladalanýarys.

Danalardan dür däneler

Ykbal bize arzuw edilen zady eýýäm şonsuz ýaşamagy öwrenenimizden soňra peşgeş berýär. Ogýust Renuar.*  *  *Gabat gelen bilen dost bolanyňdan ýeke bolanyň ýagşydyr.

Azerbaýjan nakyllary

Zähmet ähli zada ýol açar.*  *  *Sagdyn ser ýassyga egilmez.*  *  *Özi gazanmadyk puluň gadyryny bilmez.*  *  *On kesbi ýaramaz bilenden bir käri oňat öwrenen ýagşy.*  *  *Ogry zadyňy almasa, palçy alar.*  *  *Her kim agyran ýerini tutar.*  *  *Gahar gelende, göz gyzarar, gahardan soň — ýüz.*  *  *Dişsiz agyz — daşsyz degirmen.*  *  *Aşpezi köp bolsa, aşa duz atmaga adam tapylmaz.*  *  *Adamyň zähmeti — onuň aýnasy.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Sungat, senetçilik we däp-dessurlar Her ýylyň maýynda dünýäniň müňlerçe syýahatçylarynyň nazary Italiýanyň Noto şäherine gönügýär. Şol günlerde şäher güllere beslenýär: köçelerde, meýdançalarda, jaýlarda gülýapraklar arkaly sungatyň, senetçiligiň we däp-dessurlaryň utgaşmagynda täsin kompozisiýaly mozaika eserleri döredilýär. Meýdançalarda ajaýyp güllerden haly düşelen ýaly görnüş emele gelýär. Gülden sungat eserleriniň käbiriniň uzynlygy 7 metre, ini 4 metre ýetýär. Olar taýýarlananda, reňkleri, nagyşlary we şekilleri döretmek üçin liliýa, çopantelpek, bägül, çigildem, kösükli ösümlikler, ýapraklar, şahajyklar we tüwi ulanylýar. Bu festiwal öz gözbaşyny XVII asyrdan alyp gaýdýar. Festiwal munuň bilen çäklenmeýär. Aýdym-saz ýerine ýetirilip, ýerli aşhananyň tagamlary hödür edilýär.

Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý edeliň we tygşytly ulanalyň!

“Marygazüpjünçilik” müdirligi welaýatymyzyň tebigy gazy sarp edijilerine ýüzlenýär Tebigy gaz amatly we tygşytly energiýa çeşmesidir hem-de biziň milli baýlygymyzdyr. Tebigy gazy tygşytly hem-de howpsuz ulanmak biziň borjumyzdyr. Ýöne onuň nädogry ulanylmagy howply netijelere getirip biler. Şonuň üçin heläkçilikleriň öňüni almak we özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň saglygyny goramak üçin durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir.

Hyzmatlaryň görnüşleri we hili gowulandyrylýar

Jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň jana-jan bähbitlerini goramak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle möhüm işe Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Guramamyz tarapyndan raýatlarymyzyň bähbidi üçin ätiýaçlandyryşyň täze-täze görnüşleri hödürlenilýär. Olar bilen halk köpçüligi yzygiderli habarly edilip durulýar. Oňa mysal edip «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan «Karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryny» görkezmek bolar. Welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky etrap guramalary şu kada laýyklykda Türkmenistanyň fiziki şahslary bilen karz şertnamasy boýunça karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Oňa laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykyp, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykanda, ätiýaçlandyryjy karz edarasyna, karzyň üzülmedik we degişli göterim möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemäge borçlanýar. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soňra 10 günüň dowamynda tölenilýär.

Ýol-ýörelgämiz bolar

Häzirki şanly günler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Diýarymyzyň ähli ýerlerinde giň gerime eýe bolýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwet galamyna degişli bolan gymmatly esere gyzyklanmanyň ýokarydygynyň alamatydyr. Milli Liderimiziň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň bosagasynda halkymyza sowgat eden “Hakyda göwheri” atly kitaby baý many-mazmuny babatynda, hakykatdan-da, uly gyzyklanma eýedir. Bu ajaýyp eserde türkmen halkynyň dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri anyk we taryhy maglumatlar arkaly beýan edilýär. Gymmatly kitabyň her bir baby, bölümi we sahypasy çuňňur manyly jümlelere baýdyr. Bu bolsa kitabyň gymmatyny artdyrýar.

Beýik özgertmeler buýsandyrýar

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýunyň dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Diýarymyzyň sebitlerinde durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi ählimiziň baýramçylyk şatlygymyzy artdyrýar. Şanly günlerde welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde hususy pudagyň wekillerine degişli bolan Kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylandygy hadaky şatlykly habara kalbymyz joşa geldi. Ýurdumyzyň sebitlerinde ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply haryt önümlerini öndürýän kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurulmagy önüm bolçulygynyň pugtalanmagynyň esasy şertini emele getirýär. Aýratyn guwandyrýan zatlaryň biri-de ýerlerde ýaşlarymyz üçin täze iş orunlarynyň açylýandygydyr. Şanly günlerde kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylmagy bilen iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň açylandygy munuň anyk subutnamasydyr.

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy: äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň bäh­bi­di­ne

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si açyp, 12-nji de­kabr­da uly baý­ra­myň – Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýyg­na­nan­la­ry we äh­li hal­ky­my­zy bu şan­ly se­ne bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. He­mi­şe bol­şy ýa­ly, biz je­na­ýat eden­dik­le­ri üçin iş ke­si­len we eden et­miş­le­ri­ne ökü­nip, ak ýü­rek­den to­ba ge­len ra­ýat­la­ry­my­zyň gü­nä­si­ni geç­ýä­ris. Ola­ry je­za çek­mek­den bo­şat­mak ýa­ly sa­ha­wat­ly çä­re­le­ri ge­çi­rip dur­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.

«Atalanta» 1-nji orna geçdi

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 15-nji tap­gyr­dan soň sa­na­wyň li­de­ri üýt­gäp, «Mi­la­ny» De Ke­te­la­re hem-de Ade­mo­la Luk­ma­nyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Ata­lan­ta» 1-nji or­na beý­gel­di. «Ata­lan­ta» to­pa­ry çem­pio­nat­da bas­syr 9-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. «Na­po­li» bol­sa 3 gü­nüň do­wa­myn­da «La­sio­dan» 2-nji ge­zek utul­dy. Pen­şen­be gü­ni ku­bok ýa­ry­şyn­da «La­sio­dan» 3–1 ha­sa­byn­da utu­lan «Na­po­li», çem­pio­nat­da-da öz meý­dan­ça­syn­da rim­li­ler­den Isak­se­niň 79-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýe­ňil­di we li­der­li­gi el­den gi­der­di. Soň­ky çem­pi­on «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Par­ma­ny» Di­mar­ko, Ba­rel­la hem-de Tu­ra­myň gol­la­ry bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy 5 çem­pio­na­tyn­da 3 ýeň­liş­siz to­pa­ryň bi­ri bo­lan «Ýu­wen­tus» bu tap­gyr­da-da ýe­ňil­me­di. Ýö­ne ýe­ňiş hem ga­za­nyp bil­me­dik «Ýu­wen­tus» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­lon­ýa» bi­len du­şu­şyp, 90+2-nji mi­nut­da ýeň­liş­den ha­las bol­dy. Paý­tag­tyň «Ro­ma» to­pa­ry-da «Leç­çe­ni» 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, tä­ze tä­lim­çi­si Ra­nie­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ka­tal­di­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len «Ka­lia­ri­ni» ýe­ňen «Fio­ren­ti­na» to­pa­ry çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 8-nji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar soň­ky ge­zek 64 ýyl öň şeý­le sta­tis­ti­ka gör­ke­

Aratapawut 1 utuga düşdi

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Be­tis» bi­len du­şu­şyp, 90+4-nji mi­nut­da ýeň­şi el­den gi­der­di. Du­şu­şyk­da ka­ta­lon­la­ryň gol­la­ry­ny Le­wan­dows­ki (39) bi­len Fer­ran Tor­res (82), ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny-da Lo Çel­so (68 p) bi­len Diao (90+4) ge­çir­di. Myh­man­çy­lyk­da «Ži­ro­na­ny» Bel­lin­gam (36), Gü­ler (55) hem-de Mbap­pe­niň (62) gol­la­ry bi­len 3-0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Re­al Mad­rid» 1 oý­ny kem hem bol­sa, sa­na­wyň li­de­ri «Bar­se­lo­na» bi­len ara­ta­pa­wu­dy 1 utu­ga dü­şür­di. 7 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «At­le­ti­ko Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da ta­ry­hy kem­bek bi­len «Se­wil­ýa­ny» 4-3 ha­sa­byn­da ut­dy. De Pau­lyň go­lu­na gar­şy­lyk Lu­ke­ba­kio, Ro­me­ro hem-de Hu­an­lu­nyň gol­la­ry bi­len 3-1 öňe ge­çen «Se­wil­ýa» soň­ky 30 mi­nut­da 3 gol ge­çirt­di. Gol­la­ryň 2-si­ni, şol san­da 90+4-nji mi­nut­da ýe­ňiş go­lu­ny An­tu­an Griz­mann, beý­le­ki­si­ni-de Li­no öz ady­na ýaz­dyr­dy.

26 ýyl ga­raş­dy­ran çempionlyk

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy BAE-niň paý­tag­ty Abu-Da­bi şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. «Ýas Ma­ri­na» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris ýeňiji bol­dy. Ol 58 aý­la­wy 1 sa­gat 26 mi­nut 33,291 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 4-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu ýe­ňiş F1-iň ga­dy­my 2-nji konst­ruk­to­ry­na, bri­tan to­pa­ry­na ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­dyr­dy. «McLa­ren» to­pa­ry soň­ky ge­zek 1998-nji ýyl­da, 26 ýyl ozal çem­pi­on bo­lup­dy. Bu «McLa­ren»-iň 9-njy çem­pi­on­ly­gy bo­lup, to­par 2-nji ýer­dä­ki «Wil­liams» bi­len deň­leş­di. «McLa­ren» to­pa­ry mun­dan öň 1974-nji, 1984-nji, 1985-nji, 1988-nji, 1989-njy, 1990-njy, 1991-nji hem-de 1998-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. To­par­la­ryň ara­syn­da iň köp çem­pi­on­lyk «Fer­ra­ri» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lup, ital­ýan konst­ruk­to­ry­nyň 16 çem­pi­on­ly­gy bar. Şu möw­süm­de soň­ky tap­gy­ra çen­li ýi­ti gö­re­şen «Fer­ra­ri» to­pa­ry 2008-nji ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­ga go­laý ge­lip­di. Kar­los Saýns Ju­ni­or bi­len Şarl Lek­leriň Abu Da­bi «Gran Pri­sin­de» 2-3-nji ýer­le­ri eýe­le­me­gi «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­na ýe­ter­lik bol­ma­dy. «Fer­ra­ri» to­pa­ry (652 utuk) «McLa­ren» to­pa­ryn­dan (666 utuk) 14 utuk yza ga­lyp, möw­sü­mi 2-nji bas­gan­çak­da ta­mam­la­dy. Soň­ky 2 möw­sü­miň çem­pio­ny

Klub­lar Dün­ýä Ku­bo­gy 25-iň bi­je­le­ri çe­kil­di

Gel­jek ýy­lyň tom­sun­da il­kin­ji ge­zek 32 klu­buň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek FI­FA Klub­lar Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. ABŞ-nyň Ma­ýa­mi şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­li­şe FI­FA-nyň ýol­baş­çy dü­zü­mi, çy­kyş et­jek klub­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ozal­ky ze­nan­dyr er­kek ýyl­dyz fut­bol­çy­lar gat­naş­dy­lar. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, 32 klub 4 to­par­dan 8 to­par­ça paý­lan­dy. Ýa­ry­şa Ýew­ro­pa­dan 12, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan 6, Azi­ýa­dan 4, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan 4, Af­ri­ka­dan 4, Okea­ni­ýa­dan 1 hem-de ýer eýe­si hök­mün­de-de 1 klub gat­naş­ýar.

«Çel­si­niň» yz­ly-yzy­na 5-nji ýeň­şi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ewer­ton» bi­len «Li­wer­pu­lyň» ara­syn­da­ky Mer­si­saýd der­bi­si ho­wa ýag­da­ýy se­bäp­li oý­nal­ma­dy. Lon­don der­bi­sin­de «Çel­si» myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ham» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­nyň 2-0 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 4-3 ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bas­syr 5-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, 8 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Çel­si­niň» gol­la­ry­ny San­ço, Pal­mer (2) hem-de Fer­nan­des ge­çir­di. Il­kin­ji 11 mi­nut­da 2 gol sa­lan «Tot­ten­ha­myň» adyn­dan So­lan­ke, Ku­lu­sews­ki hem-de Son ta­pa­wut­lan­dy. Baş­ga bir Lon­don der­bi­sin­de-de «Ful­ham» bi­len «Ar­se­nal» utuk­la­ry paý­laş­dy­lar. Mun­dan öň­ki tap­gyr­da 7 oýun­dan soň ýe­ňiş ga­za­nan «Man­çes­ter Si­ti» myh­man­çy­lyk­da «Kris­tal Pa­las» bi­len 2-2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, ýe­ne-de utuk ýi­tir­di. «Old Traf­ford­da» «Not­tin­gam Fo­res­ti» ka­bul eden «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» 3-2 ha­sa­byn­da utul­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da di­ňe 1 ge­zek deň­me-deň oý­nap, ga­lan­la­ry­ny ýe­ňen «Brent­ford» to­pa­ry «Nýu­kas­ly» 4-2 ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di.

«LA Galaksi» MLS kubogynyň eýesi

ABŞ-nyň çem­pio­na­ty MLS-de çem­pi­on bel­li bol­dy. Pleý-off tap­gy­ry­nyň fi­nal du­şu­şy­gyn­da «Nýu Ýork Red Bulls» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war eden «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry MLS-iň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ka­li­for­ni­ýa­nyň Kar­son şä­he­rin­de oý­na­lan fi­nal­da ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­ny 9-njy mi­nut­da Ýo­sef Pains­til bi­len 13-nji mi­nut­da De­ýan Ýo­wel­ýiç ge­çir­di. «Nýu Ýork Red Bulls» to­pa­ry­nyň ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 28-nji mi­nut­da Şon Nils öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, «LA Ga­lak­si» to­pa­ry 10 ýyl­dan soň MLS Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Mar­ko Roýs, Ma­ýa Ýo­şi­da, Riui Pu­ig ýa­ly oýun­çy­la­ryň çy­kyş ed­ýän «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry mun­dan öň 2002-nji, 2005-nji, 2011-nji, 2012-nji we 2014-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. 4 ge­ze­gem fi­nal­da utu­lan «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry MLS Ku­bo­gy­ny iň köp eýe­län to­par­dyr. «Nýu Ýork Red Bulls» 2008-nji ýyl­dan soň 2-nji ge­zek fi­nal­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

29 ýyl­dan soň 3-nji gezek

Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da çem­pi­on iň soň­ky tap­gyr­da bel­li bol­dy. 38-nji tap­gy­ryň çä­gin­de sa­na­wyň li­de­ri «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Sao-Pau­lu» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny, 2-nji ýer­dä­ki «Pal­mei­ras» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da «Flu­mi­nen­se» to­pa­ryn­dan 1-0 as­gyn gel­di. Ne­ti­je­de, «Bo­ta­fo­ga» bi­len «Pal­mei­ra­syň» ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy 6-a çyk­dy we Rio de Ža­neý­ro şä­he­ri­niň we­ki­li 29 ýyl­dan soň 3-nji ge­zek Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry mun­dan öň 1968-nji we 1995-nji ýyl­lar­da çem­pi­on bo­lup­dy. Go­laý­da ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gy­ny hem ga­za­nan to­pa­ra por­tu­ga­li­ýa­ly Ar­tur Žor­že tä­lim ber­ýär. Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da bas­syr 3-nji, soň­ky 6 ýyl­da 4-nji ge­zek por­tu­ga­li­ýa­ly tä­lim­çi­ler çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry bir möw­süm­de hem Li­ber­ta­do­res Kubogyny, hem-de mil­li li­ga­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji bra­zil klu­bu­dyr. On­dan öň­de «San­tos» 2 (1962, 1963) hem-de «Fla­men­go» 1 (2019) ge­zek şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zip­di. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry 2021-nji ýyl­da 2-nji li­ga­da – «Se­rie B»-de çem­pi­on bo­lup­dy. «Bo­ta­fo­ga» Bra­zi­li­ýa­da 3 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan 11-nji klub hök­m

Hepdäniň esasy duşuşyklary

13-nji dekabr (anna) Fraýburg – Wolfsburg (00:30)

Etiň or­nu­ny tut­ýan iý­mit­ler

Et sag­lyk üçin iň peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri bo­lup, be­lo­gyň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Be­lok dyr­nak­dan baş­lap, be­den ag­za­la­ry­nyň äh­li­si üçin ze­rur bo­lan mad­da­la­ryň bi­ri­dir. Köp­ler eti her gün iý­me­gi ha­la­ýan bol­sa, kä­bir adam et iý­me­gi ha­la­ma­ýar. Bi­ler­men­ler etiň dü­zü­min­de sak­lan­ýan wi­ta­min­dir peý­da­ly mad­da­la­ry beý­le­ki iý­mit­ler­den hem alyp bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ge­liň, be­lo­ga baý, etiň or­nu­ny tut­ýan iý­mit­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Mer­ji­mek. B wi­ta­mi­ne, fo­la­ta, mar­ga­ne­se, dem­re, be­lo­ga we sü­ýü­me baý iý­mit ha­sap­lan­ýan mer­ji­mek­den, esa­san, çor­ba bi­şi­ril­ýär. Bir şa­kä­se mer­ji­mek çor­ba­syn­da be­den üçin her gün ze­rur bo­lan sü­ýü­miň üç­den bir bö­le­gi sak­lan­ýar. Aş­ga­zan­da tiz öz­leş­ýän bu ýe­ňil­jek çor­ba ada­my uzak wagt­lap dok sak­la­ýar. Be­de­ni kuw­wat­lan­dyr­ýan bu iý­mit aşgazan-içege ulgamyndan baş­lap, ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni ka­da­ly sak­la­ma­ga we ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

«Pan­to­ne»: 2025-nji ýy­lyň reň­ki saý­lan­dy

«Pan­to­ne» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy çär­ýek asyr­dan gow­rak wagt bä­ri ýy­lyň reň­ki­ni saý­la­mak dä­bi­ni do­wam et­di­rip gel­ýär. «Pan­to­ne» ta­ra­pyn­dan gel­jek ýy­lyň reň­ki «ewo­ka­tiw ýum­şak go­ňur» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan «PAN­TO­NE 17-1230 Mocha Mo­us­se» saý­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri bu reň­ke «duý­gur we ra­hat­lan­dy­ry­jy ýy­ly­lyk be­ri­ji go­ňur reňk» di­ýip ba­ha ber­ýär­ler. Ka­kao, şo­ko­lad we ko­fe­niň ýa­kym­ly duý­gu­sy­ny ber­ýän bu reňk ada­my ra­hat­lan­dyr­ýar. «Pan­to­ne» reňk ins­ti­tu­ty her ýy­lyň de­kabr aýyn­da in­di­ki ýyl üçin haý­sy­dyr bir reň­ki saý­la­ýar. Bu ýyl 26-njy ge­zek gel­jek ýy­lyň reň­ki­ni mä­lim eden «Pan­to­ne» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri ýum­şak go­ňur reň­kiň mo­da äle­min­de, di­zaýn iş­le­rin­de, pop me­de­ni­ýe­tin­de we adam psi­ho­lo­gi­ýa­syn­da uly orun eýe­le­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Il­kin­ji ge­zek 1999-njy ýyl­da ýy­lyň reň­ki saý­la­nyp, «Sky Blue» şol ýy­lyň reň­ki bo­lup­dy. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň reň­ki «Pan­to­ne 13-1023 Peach Fuzz» bo­lup, ýy­ly mä­mi­şi öwüş­gin­de şöh­le­len­dir­di.

«Ber­ni­na Express» meş­hur ot­ly sy­ýa­ha­ty

Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da soň­ky ýyl­lar­da üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri hem ot­ly sy­ýa­hat­la­ry­dyr. Me­ge­rem, köp adam ot­lu­ly bir­nä­çe ýur­dy aý­lan­ma­gy, ýo­lug­ra şä­her gö­zel­lik­le­ri­ni we owa­dan te­bi­ga­ty syn­lap git­me­gi ha­la­ýan bol­sa ge­rek. Ot­ly sy­ýa­hat­la­ryn­da «Em­pi­re Bu­il­der», «The Ghan», «Bel­mond Hi­ram Bing­ham», «Qing­hai-Ti­bet Ra­il­way» öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. «Ber­ni­na Express» hem meş­hur ot­ly sy­ýa­hat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, Ita­li­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň er­te­ki ýa­ly owa­dan­lyk­la­ry­ny syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Iki gap­da­ly giň pen­ji­re­ler bi­len ör­tü­len gy­zyl wa­gon­lar daş-tö­we­re­gi syn­lap git­mek üçin ni­ýet­le­nip­dir. Pa­no­ra­mik wa­gon­da­ky lýuks otur­gyç­da otu­ryp, buz­luk­la­ry, köl­le­ri syn­lap, tun­nel­ler­den we köp­rü­ler­den ge­çip bar­şy­ňa özü­ňi film­ler­dä­ki ýa­ly duý­ýar­syň. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Çur şä­he­rin­den ýo­la dü­şen ot­ly sy­ýa­ha­ty Ba­zel, Sýu­rih, Alp dag­la­ryn­dan ge­çip, Mi­lan­dan Ti­ra­no (Ita­li­ýa) şä­he­ri­ne bar­ýar. Dün­ýä­niň iň dik ga­ýa­la­ryn­dan geç­ýän «Ber­ni­na Express» ot­ly sy­ýa­ha­ty 4 sa­gat do­wam ed­ýär. Ot­ly ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len 122 ki­lo­metr­lik de­mir ýol­dan ýö­räp, 196 köp­rü­den, 55 tun­nel­den, be­lent­lik­ler­den, gar­ly dag ge­riş­le­rin­den we he­mi­şe gök öw­süp otu­ran