26 ýyl ga­raş­dy­ran çempionlyk

11 Dekabr 2024
111

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy BAE-niň paý­tag­ty Abu-Da­bi şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. «Ýas Ma­ri­na» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris ýeňiji bol­dy. Ol 58 aý­la­wy 1 sa­gat 26 mi­nut 33,291 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 4-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu ýe­ňiş F1-iň ga­dy­my 2-nji konst­ruk­to­ry­na, bri­tan to­pa­ry­na ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­dyr­dy. «McLa­ren» to­pa­ry soň­ky ge­zek 1998-nji ýyl­da, 26 ýyl ozal çem­pi­on bo­lup­dy. Bu «McLa­ren»-iň 9-njy çem­pi­on­ly­gy bo­lup, to­par 2-nji ýer­dä­ki «Wil­liams» bi­len deň­leş­di. «McLa­ren» to­pa­ry mun­dan öň 1974-nji, 1984-nji, 1985-nji, 1988-nji, 1989-njy, 1990-njy, 1991-nji hem-de 1998-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. To­par­la­ryň ara­syn­da iň köp çem­pi­on­lyk «Fer­ra­ri» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lup, ital­ýan konst­ruk­to­ry­nyň 16 çem­pi­on­ly­gy bar. Şu möw­süm­de soň­ky tap­gy­ra çen­li ýi­ti gö­re­şen «Fer­ra­ri» to­pa­ry 2008-nji ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­ga go­laý ge­lip­di. Kar­los Saýns Ju­ni­or bi­len Şarl Lek­leriň Abu Da­bi «Gran Pri­sin­de» 2-3-nji ýer­le­ri eýe­le­me­gi «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­na ýe­ter­lik bol­ma­dy. «Fer­ra­ri» to­pa­ry (652 utuk) «McLa­ren» to­pa­ryn­dan (666 utuk) 14 utuk yza ga­lyp, möw­sü­mi 2-nji bas­gan­çak­da ta­mam­la­dy. Soň­ky 2 möw­sü­miň çem­pio­ny «Red Bull» to­pa­ry bu ge­zek 3-nji or­ny eýe­le­di. 2014-2021-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da bas­syr 8 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Mercedes» to­pa­ry bol­sa möw­sü­mi 4-nji orun­da ta­mam­la­dy.

Ýa­ryş­da «Mercedes» to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri – bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­ler, Lýu­wis Ha­mil­ton bi­len Jorj Ras­sell 4-5-nji orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Gel­jek möw­süm­de «Fer­ra­ri» to­pa­ry­na go­şul­jak Ha­mil­ton 11 ýyl­lyk to­pa­ryn­da soň­ky ge­zek bäs­leş­di.