Azerbaýjan nakyllary

11 Dekabr 2024
125

Zähmet ähli zada ýol açar.
*  *  *
Sagdyn ser ýassyga egilmez.
*  *  *
Özi gazanmadyk puluň gadyryny bilmez.
*  *  *
On kesbi ýaramaz bilenden bir käri oňat öwrenen ýagşy.
*  *  *
Ogry zadyňy almasa, palçy alar.
*  *  *
Her kim agyran ýerini tutar.
*  *  *
Gahar gelende, göz gyzarar, gahardan soň — ýüz.
*  *  *
Dişsiz agyz — daşsyz degirmen.
*  *  *
Aşpezi köp bolsa, aşa duz atmaga adam tapylmaz.
*  *  *
Adamyň zähmeti — onuň aýnasy.