Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy: äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň bäh­bi­di­ne

11 Dekabr 2024
151

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si açyp, 12-nji de­kabr­da uly baý­ra­myň – Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýyg­na­nan­la­ry we äh­li hal­ky­my­zy bu şan­ly se­ne bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. He­mi­şe bol­şy ýa­ly, biz je­na­ýat eden­dik­le­ri üçin iş ke­si­len we eden et­miş­le­ri­ne ökü­nip, ak ýü­rek­den to­ba ge­len ra­ýat­la­ry­my­zyň gü­nä­si­ni geç­ýä­ris. Ola­ry je­za çek­mek­den bo­şat­mak ýa­ly sa­ha­wat­ly çä­re­le­ri ge­çi­rip dur­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.