Halkymyzyň bagtyýarlygy — döwletimiziň berkararlygy
Tarypy taryhyň şöhratly sahypalaryna ýazylýan döwrümiziň her bir güni halkymyza egsilmez şatlyk duýgusyny eçilýär. Şunda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, türkmen döwletliliginiň ýene bir aýdyň mysaly bolar. Halk jebisligi, döwlet berkararlygy baradaky düşünjeler Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyryň döredijiliginiň islendik ynsanyň kalbynda täze ylham, ruhubelentlik, çäksiz joşgun döretmegi onuň şygyrlarynyň umumadamzat gymmatlygydygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz dana şahyrymyzyň goşgular çemeniniň pähim-parasadyň, çuňňur halk pelsepesiniň, milli terbiýeçilik ündewleriniň türkmen halkyna ýol görkeziji bolup, asyrlar içre hyzmat edip, şygyrlar älemi bilen milletimiziň mertebesini belende göterip gelendigine aýratyn üns çekip, bu barada «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda şeýle diýýär: «Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr. Akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul