«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024
Güýz paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda baş baýramymyza — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesine hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri has gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Redaksiýamyza gelýän hatlaryň aglabasynda baýramçylyk mynasybetli guralýan ýaryşlardan we duşuşyklardan söhbet açylýan bolsa, ýene birnäçesinde ýaşlaryň durmuşy hakynda gürrüň berilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hakyndaky habarlar hem sentýabr aýynyň dowamynda gelýän hatlarda iň kän ýüzlenilen temalaryň biri bolup durýar.