Ýene sanlyja günden agzybir türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny uludan belläp geçer. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly şatlyk-şowhun bilen belleniljek bu baýramyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Hojambaz etrabynyň polisiýa bölüminde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu ajaýyp toý sowgady edaranyň işgärleri bilen bir hatarda ähli ýaşaýjylary hem begendirdi.
Şeýle hem 1-nji sentýabrda bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli etrapdaky Hojambaz şäherinde ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly, 960 orunlyk mekdep gapylaryny giňden açdy. Her ýyl şeýle binalaryň birnäçesi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleridir. Halkymyzyň bolelin durmuşda bagtyýar ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şert we mümkinçilikleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň irginsiz tagallalary ýatyr. Hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy hem-de doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.