Ýaşaýşy söý! (Kämillige tarap)

21 Sentýabr 2024
401

Durmuş — bu dowamly döredijilikdir. Wagtyň dynuwsyz akyp duranlygy üçin durmuş hemişe ösüş-özgerişde. Hereket edýän zatlar özgermek bilen bolýar. Dünýä demsaýyn özgerýär. Bu özgeriş bolany üçin adamzat ýaşaýşy gözel görünýär.

Ýaşaýşa, durmuşa söýgi iň beýik söýgüdir. Islendik işe höwes, aslynda, ýaşaýşa söýgüden gözbaş alýar. Adam öz ýaşaýan dünýäsi barada oýlanmaly, öz dirilik çeşmesiniň nämedeligine akyl ýetirmäge çalyşmaly. Biz söýgüden binýat bolan dünýä geldik. Dünýe bolsa togalakdyr, ony elde saklap bolmaýar, diňe söýüp bolýar. Şonuň üçin şahyryň: «Ýaşa dünýäni gujaklap» diýşi ýaly, dünýäni söýüp ýaşamaly. Söýýänler her gününi söýgi bilen ötürýär. Her bir işi ýürekden ýerine ýetirýär. Ömrüň manysy, durmuşyň gyzyk-gyzgalaňy — mähir bilen söýgiňdedir. Ýaşaýyş söýgi bilen aýlanýar, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen gözel durmuş dowam bolýar.

Sülgün HANGELDIÝEWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.