Guwandyryjy üstünliklerden täze sepgitlere

20 Sentýabr 2024
289

19-njy sentýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýän gözden geçirilişe halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli düzümleriň, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem hususy telekeçiler gatnaşýar.

Sergi meýdançasynda halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşandy we geljegi uly mümkinçilikleri görkezilýär. Türkmenistanyň döwlet we hususy kärhanalarynyň täze önümleriniň, taslamalarynyň mahabat-tanyşdyryş çäreleriniň, halk senetçilik sungatynyň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklarynyň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi şu gün öz işini tamamlaýan serginiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bizem sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolanymyzda ünsümizi çeken gyzykly maglumatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».