Türkiýäniň uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin hünärmen taýýarlar

7 Awgust 2024
108

Türk aeronawtika birleşigi uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga öz goşandyny goşar. Bu barada  Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Rahmi Er türk metbugatyna beren beýanatynda belläp geçdi.

Daşary ýurtdan ýokary okuw mekdebi üçin uly gyzyklanmanyň bardygyny bellän rektor Rahmi Er “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň gyzyklanmasy bilen uçarman zerurlygyny kanagatlandyrmak maksady bilen şertnama gol çekilendigini belledi.