Halkara giňişlikde

6 Awgust 2024
153

Ileri tutulýan ugurlar öwrenilýär

Manilada Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, filippin tarapyna bolsa Daşary işler departamentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-nyň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary M.Lazaro ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary we ony amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak barada pikir alyşmalar boldy. Taraplar özara gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtap, parlamentara gepleşikleri işjeňleşdirmek boýunça umumy pikiri beýan etdiler. Duşuşykda energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk tassyklanylyp, iki ýurduň eksport-import mümkinçiliklerine üns çekildi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».