Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

5 Awgust 2024
249

Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk edýär. Iri halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-31-nji iýuldaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

■ 30-njy iýulda döwlet Baştutanymyz Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.

«Nesil».