Ýurdumyzda Ulýanowsk azyk önümleriniň dilerlik merkezi açylar

4 Awgust 2024
138

Mälim bolşy ýaly, 27-28-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda «IIBF-2024» Halkara Yslam işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Has dogrusy, ýurdumyzda Ulýanowsk azyk önümleriniň dilerlik merkezini döretmek barada «Shaylan Group» türkmen kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.

«Türkmen hyzmatdaşlarynyň Ulýanowskda öndürilen konditer we gaplanan önümleri, günebakar tohumyny satyn almaga gyzyklanmasy artýar. Bu ýerde yslam maliýe ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlara pul serişdelerini bölüp bermek hyzmatyny ornaşdyrmak üçin «Shaylan Group» kompaniýasy bilen ylalaşyldy» diýip, TSTB-niň habarynda aýdylýar.