Türkmen-özbek işewürlik gatnaşyklary ilerledilýär

20 Iýul 2024
247

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Daşkent şäherinde ýurdumyzyň milli sergisi geçirilip, oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 60-sy öz önümleri bilen gatnaşdy. Özbek paýtagtynyň «Anhor-Lokomotiw» parkynyň sergiler zalynyň giň diwarlyklaryny «Türkmenistanda öndürilen» haryt nyşanly azyk, senagat, dokma, haly önümleri hem-de ösüşlerimizi alamatlandyrýan, milli röwüşdäki köp sanly mahabat sütünleridir monitorlar bezedi.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, onuň barha işjeň häsiýete eýe bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber uly goşandynyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Özbegistan bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli ösdürilýär. Birek-birege amala aşyrylan ýokary derejeli saparlardyr geçirilen netijeli gepleşikler özara gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açdy. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döredilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky işewürlik geňeşi işjeň hereket edýär.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».