Türkmenistan — ÝUNISEF: netijeli gatnaşyklaryň berk binýady

19 Iýul 2024
327

Abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etmegi, onuň döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurmagy aýratyn ähmiýetli wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany, ilki bilen, BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen ýyllyk iş meýilnamalarynyň 10-syna gol çekildi. Bu resminamalar, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we inklýuziw bilim almagy babatda hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

«Nesil».