Türkmenistan — BMG: umumadamzat bähbidine hyzmatdaşlyk

19 Iýul 2024
173

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürmek, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny iş ýüzünde subut edýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri örän giňdir. Şu ýylyň 5 — 7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran sapary munuň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplady hem-de häzirki wagtda BMG-niň Merkezi Aziýa sebitindäki ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen ýurdumyzyň Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ugurlaryny we mazmunyny kesgitledi, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, içerki ösüşi höweslendirmäge, milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň öňbaşçysy boldy. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Döwran ORAZGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.