Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

18 Iýul 2024
420

Aşgabat, 17-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady.