Halkara tejribeleri özleşdirip

18 Iýul 2024
251

Şu günler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyplary Rumyniýanyň Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň, «Tenaris», «Bosch» hem-de «Emerson-Cluj» halkara kompaniýalarynyň okuw-önümçilik tejribehanalarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Onuň maksady telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy halkara tejribäni ýaş hünärmenler bilen paýlaşmakdan, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň bu ýokary okuw mekdebi Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersiteti bilen 2019-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Uniwersitet dünýä belli «Tenaris», «Bosch», «Emerson-Cluj» kompaniýalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, talyp ýaşlary olaryň önümçilik tejribesi bilen tanyşdyrýar. Önümçilik tejribeliginiň meýilnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ady agzalan kompaniýalaryň myhmany bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Ýurdumyza wekilçilik edýän mugallymlar we talyplar önümçilik tejribeliginiň üsti bilen programmalaşdyrma serişdelerini, telekommunikasiýa torlaryny we sanly geçiriş ulgamlaryny gurnamagyň ýörelgeleri, hyzmatlary hödürlemegiň aýratynlyklary, bu babatda ulanylýan tehnologiýalar, kompýuter programmalary babatdaky bilimlerini baýlaşdyrýarlar.

(Ýörite habarçymyz).