Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi geçiriler

15 Iýul 2024
231

19 — 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» hususy kärhanasy tarapyndan guraljak bu giň gerimli forum Türkmenistanda, Merkezi Aziýada we GDA ýurtlarynda ýokary hilli önümleri öndürýän we satyn alýan hünärmenleri bir ýere jemlär.

Sergä ýerli kompaniýalaryň 150-den, halkara kompaniýalaryň 200-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi täze doglan çagalar üçin niýetlenen önümleri, okuw esbaplary, oýnawaçlary, çagalar modasyny, bilim tehnologiýalaryny hem-de 30-dan gowrak ýöriteleşdirilen bölümi öz içine alar.

Guwançmuhammet ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.