Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň täze sahypasy

30 Iýun 2024
233

Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlyk saklaýar hem-de ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da ilerledýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürler maslahatyny aýdyp bileris. Iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylaryny hem-de öňdebaryjy hünärmenlerini Aşgabada jemlän bu duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat pudaklarynda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu güni we geljegi dogrusyndaky meselelere garaldy.

Forumyň dowamynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmek arkaly netijeli dialoga açykdygy, döredilen amatly maýa goýum şertleriniň we işewürligi alyp barmagyň guramaçylyk-hukuk ýagdaýynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemek üçin köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda BAE-niň işewür toparlaryny çekmäge kömek edýändigi dogrusynda aýratyn nygtaldy. Mundan başga-da, işewürler maslahatynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Şunda ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Çünki Türkmenistan ulag ulgamy boýunça giň gerimli taslamalary durmuşa geçirýär we bu ugurda uly tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BAE-niň belli kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýýar.

Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.