«Black Star Burger» Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak isleýär

30 Iýun 2024
278

Russiýanyň «Black Star Burger» restoranlar zynjyry Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär. Restoranlar zynjyrynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, Türkmenistandaky şahamça şu ýylyň güýzünde müşderileri kabul edip başlar.

«Kompaniýa howa we demir ýol menzillerinde, ýerasty geçelgelerde, seýilgählerde, sport meýdançalarynda, söwda merkezlerinde has köp nokatlary döretmegi maksat edinýär. Şeýle-de Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär» diýlip, «Black Star Burgeriň» metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Taýýarlan: Yslamberdi TYLLANUROW,
TDBGI-niň uly mugallymy.