Hoşniýetli gatnaşyklaryň beýany

19 Iýun 2024
397

Häzirki wagtda ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ençeme döwletleri bilen bir hatarda, Hytaý Halk Respublikasy bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň hem köpugurly häsiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek. Syýasy-ykdysady pudaklar bilen birlikde iki dostlukly döwletiň medeni ulgamdaky hyzmatdaşlyklary hem bu gün barha giň gerime eýe bolýar.

Bilşimiz ýaly, 17-nji maýda paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahat geçirildi. Şol duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne sowgat berlen panda gurjagynyň şekilini keşdä geçirendigini aýdyp, myhmandan şol taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş edipdi. Golaýda bolsa Milli Liderimiziň maşgalasyna hytaý Lideriniň maşgalasy hanym Pen Liýuanyň adyndan hat gelip gowuşdy. Ol hatynda Aýjereniň iberen sowgadyny kabul edendigini, panda gurjagynyň şekili çekilen keşdäniň özünde ýakymly täsirleri döredendigini mälim edýär. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ussat halyçy hökmünde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň goralyp saklanmagyna we baýlaşdyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berýär. HHR-iň Başlygynyň maşgalasynyň hem, öz gezeginde, Milli Liderimiziň agtyklaryna sowgatlary ibermegi iki halkyň gatnaşyklarynyň dostlukly, hoşniýetli häsiýete eýediginiň ýene bir anyk mysalydyr. Sowgatlaryň arasynda ussatlyk bilen sünnälenen el işleri — ýüpek gurjajyklar we gül çemenleri, ýüň keçeden taýýarlanan suratlar, şeýle-de ýumşak panda gurjaklary bar. Bu sowgatlaryň ählisi hytaý halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligini aýdyň şöhlelendirýär.

«Aşgabat».