Halkara giňişlikde

19 Iýun 2024
436

Türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi

Golaýda Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilip, onda türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, polýak tarapyna hem Polşa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Prawda ýolbaşçylyk etdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada pikir alşyp, türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».