Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

16 Iýun 2024
321

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan, Owganystandan, BAE-den we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, portlandsementi we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň hem-de türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 763 müň 600 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB