KONTEÝNERLI DAŞAMALAR BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY

16 Iýun 2024
335

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri barha ýokarlanyp, gümrük nokatlaryndan eksport edilýän harytlaryň möçberleri barha artýar. Söwdanyň we logistikanyň has-da ösýän döwründe konteýnerli daşamalara hem aýratyn ähmiýet berilýär. Gündogar-Günbatar, Demirgazyk-Günorta ugurlary, şeýle hem aralyk ugurlar boýunça ulaglaryň dürli görnüşlerinde harytlary konteýnerlerde daşamaklyk arkaly eksport etmek we üstaşyr geçirmeklik ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda gümrük edaralarynda halkara derejesindäki hyzmatdaşlyklary ýokarlandyrmaga gönükdirilen maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri hem ýakynda, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Bu duşuşyk «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» maksatnamasynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy sebitleýin iş duşuşygydyr. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň hem-de birnäçe degişli guramalaryň wekillerini bir ýere jemlän bu iş duşuşygy ýokary guramaçylykly geçirildi.

Konteýnerlerde daşamak, munuň özi harytlary iberijiden alyja ulaglaryň dürli görnüşlerinde ýük konteýnerlerini ulanmak arkaly daşamaklykdyr. Konteýnerlerde ýükleri daşamak häzirki wagtda ýükleri daşamagyň iň köp ýaýran görnüşidir. Ýeterlik derejede ösen we amatly ýol ulgamy ýükleri islendik ugra diýen ýaly konteýnerler bilen daşamaga mümkinçilik berýär.

Reim RAHYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.