Ýaş nesil — röwşen geljek

1 Iýun 2024
412

Aleksandru NARTEA,
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary:

— BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tutuş Ýer ýüzünde, şol sanda Türkmenistanda-da çagalaryň doly derejede ösüp-ulalmaklary, munuň üçin olaryň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmegi ugrunda iş alyp barýar. Her bir çaganyň howpsuz, üns-alada, hormat hem goraglylyk bilen gurşalan gurşawda ýaşamaga hukugy bardyr.