Daşkent duşuşygy: bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap

11 Noýabr 2023
774

Halkymyzda «Taňry myhmany» diýen düşünje bar. Bu düşünje doganlyk özbek halkynda-da ýörgünli. Myhman Taňry tarapyndan iberilen döwletlilik hasaplanýar...

Ynha, 9-njy noýabrda hem özbek paýtagty Daşkent Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet hem hökümet Baştutanlaryny myhmansöýerligiň, hoşniýetliligiň belent ruhy bilen garşy aldy. Şol gün «Tashkent City» halkara işewürlik merkeziniň Kongres merkezinde «Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda bu iri guramanyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammiti geçirilip, ol köpugurly gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sammitiň öňüsyrasynda özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren duşuşygy bolsa bu saparyň türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmegiň, geljekki wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň hem möhüm pursady bolandygyny tassyklaýar.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Daşkent — Aşgabat.