Türkmenistan — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: umumy ösüşiň ýolunda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlylyk

10 Noýabr 2023
536

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Ýurdumyz 2021-nji ýyldan bäri YHG-da başlyklyk etmeginiň dowamynda ýörite Konsepsiýany işläp taýýarlady we bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi.

"Nesil".