Türkmenistanyň geografik ýerleşişiniň oba hojalygy üçin ähmiýeti

22 Oktýabr 2023
985

Soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň oba hojalygynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, biz hem makalamyzda Türkmenistanyň geografik ýerleşişiniň oba hojalygyndaky ähmiýeti barada gürrüň etmegi makul bildik.

Ozalky makalalarymyzda hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistan çürt-kesik kontinental guşaklykda ýerleşýär. Netijede, ýurdumyzda gyş, bahar, tomus, güýz pasyllarynyň ählisi bar. Ýurdumyzyň şeýle howa şertlerini göz öňünde tutanyňda, oba hojalygynda has uly mümkinçilikleriň bardygyna ýene bir ýola göz ýetirýäris. Dogry, bizde ýazyň gysga bolmagy käbir ekinleri ýetişdirmekde kynçylyklary ýüze çykaryp bilýär. Emma toprak we howa şertlerimize uýgunlaşan ekinler babatda bizde uly artykmaçlyklaryň bardygyny hem unutmaly däl. Muny soganyň mysalynda düşündirenimizde, oba hojalygy boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Niderlandlar Patyşalygynda sogandan bary-ýogy bir hasyl almaga mümkinçilik bar, bizde bolsa sogandan ýylyň dowamynda iki gezek hasyl almak mümkin. Şundan görnüşi ýaly, çürt-kesik kontinental guşaklykda ýerleşmegimiz ömri 3-4 aý bolan oba hojalyk ekinlerinden iki hasyl almaga mümkinçilik döredýär. Şeýle-de biziň howa şertlerimiz tomus aýlarynda orulýan bugdaýyň yzyna mäş, dary, jöwen ýaly dänelik aralyk ekinleri ekip, ýerden iki hasyl almaga hem amatlydyr. Şol bir wagtyň özünde bugdaýdan boşan meýdanlarda gawun, garpyz ýaly bakja ekinlerini düme görnüşinde ekip, olardan bol hasyl almak-da bolýar. Bularyň ählisi bir tarapdan ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmäge goşant goşsa, ikinji tarapdan ol ekinlerden alnan önümleri eksport etmek arkaly ýurdumyza gelýän gyzyl puluň mukdaryny artdyrmaga hem şert döredýär.

Döwletgeldi BALLYÝEW,
telekeçi.